TÜRKMEN TÜRGENLERI NUSGAWY ALYŞ GÖREŞI BOÝUNÝA AZIÝA ÇEMPIONATYNDA 8 MEDAL GAZANDYLAR

photo

Türkmen türgenleri Alyş göreşi boýunça Oş şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilýän Aziýa çempionatynda dürli derejeli 8 medal gazandylar. Olar bu üstünlige milli gyrgyz göreşiniň nusgawy usulynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda baýraklaryň 12 toplumy ugrunda bäsleşilýän ýaryşyň ilkinji güninde ýetdiler.

Biziň toparymyzda altyn medallary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli agram topary) we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-den ýokary) we Jemal Öwlüýägulyýewa (70 kg çenli) gazandylar.

Kümüş medala Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Isgender Aşyrow (70 кг çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Agaýusup Garaýew (80 kg çenli) we harby gullukçy Arslan Hojamberdiýew (90 kg çenli) mynasyp boldular.

Bürünç medallary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Daýanç Guwanjow (60 kg çenli) hem-de zenanlaryň arasynda Nazilýa Joraýewa aldylar.

Toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy ikinji ýeri eýeledi. Alyş göreşi boýunça Aziýa çempionatyna, 300-den gowrak türgen gatnaşýar.

Bu ýaryş 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkiýäniň Iznik şäherinde geçiriljek IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlaw tapgyrlarynyň biridir.

Türkmen türgenleri nusgawy Alyş göreşi boýunýa Aziýa çempionatynda 8 medal gazandylar (turkmenistan.gov.tm)