SARAGT BABAÝEWIŇ USSAHANASYNDAN

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň şägirtleririniň işleriniň sergisi geçirildi. Hemmeleri ýakymly geň galdyran bu sergi sungatyň gadyr-gymmatyny bilýän köp adamy bu ýere jemledi. Sergide görkezilen işleriň birnäçesi öň hem dürli sergilerde goýlup, jemgyýetiň ünsüni özüne çeken suratlardy.

Sergidäki surat, heýkel, keramika we gobelen işleriň awtorlary çeperçilik mekdebiniň talyplary. Olar suraty tomaşaça dogry ýetirmegiň üstünde işlemek üçin, okuwdan boş wagty Saragt Babaýewiň ussahanasyna gelýärdiler.

Sergidäki işleriň ählisi gowy, ýa-da örän gowy: döredijilikli, ýumorly, dinamik, inçelik bilen saýlanan reňk utgaşmaly.

Heýkeltaraşlyk işleriň arasynda Maksatmyrat Hojaimowyň işleri aýratyn tapawutlanýar. Begenç Berkeliýew tut agajy şekillendirilen birnäçe surat hödürläpdir. Begençiň kreatiw modele dürli nukdaýnazardan ýanaşyp çeken işi, ýognas şahalary emer-damar bolup duran daragt akly-garaly we reňkli görnüşde-de gowy görünýär.

Rüstem Abdyllaýew janköýerleriň ýadynda «Bagtly adamlar» atly surat toplumy bilen galypdyr. Onda ýaş daýhan maşgalasy islendik ýagdaýda bagtly. Hatda bu adamlara uzak ýolda hemra bolýan düýedir it hem olaryň bagtyna şärik.

Rüstem sergä maşgalada çaga garaşylýandygyny görkezýän täze surat hödürläpdir. Surata syn edeniňde tiz wagtda biz bäş baş maşgala guwanç bilen garap, olaryň maşgala bagtyna guwanyp bileris.

«Synpdaşyň toýy» işi Gahryman Goçmyradowy surat söýüjileriň arasynda belli etdi. Onuň žanry ‒ dekoratiw moderni. Suratlar adaty däl, ýöne diýseň täsirli.

Bahar Pirgulyýewa parran usulda ýerine ýetirilen birnäçe gobelen görkezdi. Baharda reňk duýgusy örän ösen, şunuň netijesinde onuň «Beýik ýüpek ýoly» we «Güýz» gobelenleri diýseň owadan.

‒ Meniň ussahanamda dürli ýyllaryň talyplarynyň wagtlaryny iş üçin peýdaly geçirendiklerine, men şat ‒ diýip, Saragt Babaýew gutlaglary kabul edýärkä aýtdy. ‒ Sergä gatnaşanlaryň köpüsi eýýäm Çeperçilik akademiýasyny tamamlasalar-da barybir meni öz mugallymlary hasap edýärler. Men şägirtlerime buýsanýaryn we olaryň zehininiň açylmagyny türkmen şekillendiriş sungatyna goşandym hasap edýärin.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64184/saragt-babayewin-ussahanasyndan