TÜRKMEN GROSSMEÝSTERI HALKARA ÝARYŞDA IKINJI ORNY EÝELEDI

Türkmensitanly grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň V açyk Halkara küşt ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň Başkent uniwersiteti bilen bilelikde guran ýaryşyna 7 döwletden we Türkiýäniň 44 wealýatyndan 600-e golaý küştçi gatnaşyp, olar 6 derejede çykyş etdiler.

Iň güýçli “A” derejede mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplan azerbaýjanly grossmeýster Wugar Rasulow (FIDE-niň görkezijisinde 2458-nji) öňe saýlandy. 6,5 utuk toplan Meýlis Annaberdiýew (FIDE-niň görkezijisinde 2484-nji) ikinji orny eýeledi. Izmirden , türkiýeli FIDE-niň ussady Umut Gündüz 6,5 utuk toplasa-da, Meýlisden goşmaça görkezijileri boýunça yza galyp, 3-nji orna düşdi. Beýleki türkmen küştçüsi, halkara ussady Saparmyrat Atabaýew (FIDE-niň görkezijisinde 2447-nji) 6 utuk bilen iň gowy netije görkezen üçlükden biraz yza galdy.

Beýleki ildeşimiz Hanjar Ödäýew (FIDE-niň görkezijisinde 2287-nji) 5 utuk bilen ýaşy 50-den ýokardakylaryň arasynda “Iň gowy netijesi üçin” diýen baýraga mynasyp boldy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasyna Başkent uniwersitetiniň rektory, professor Haldun Müderrisoglu, Türkiýäniň Küşt federasiýasynyň prezidenti Gülkiz Tulaý gatnaşdylar.

Ýaryşyň baýrak gaznasynyň jemi 75 000 türk lirasy (ABŞ-nyň 4 300 dollary) boldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64812/turkmen-grossmeysteri-halkara-yarysda-ikinji-orny-eyeledi