TÜRKMEN FUTBOLÇY GYZLAR CAFA-2022 ÇEMIONATYNDA TÄJIGISTANYŇ TOPARY BILEN DEŇ OÝNADY

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň futbolçylary Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) Duşenbe şäherinde bat alan birinji çempionatynda Täjigistanyň topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.

Bu ýaryşa Gyrgyzystandan, Eýrandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan - jemi bäş zenanlar topary gatnaşýar. Bularyň bäsleşiginiň jemi boýunça çempion belli bolar.

Türkmenistanyň ýygyndysy üçin öý eýelerine garşy oýun ýeňi; düşmedi. Oýnuň eýýäm 8-nji minutynda öý eýeleri bir gol bilen öňe saýlandylar.

Arakesmede Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Kamil Mingazow käbir düzedişler girizdi, netijede oýnuň ikinji ýarymynda biziň toparymyz hüjümini has janlandyrdy.

Oýnuň 66-njy minutynda Maýa Musaskaýa topy öz jerime meýdançasyndan uzak aralyga urup, Läle Haýypowany derwezeçi bilen bir-bire çykardy. Onuň urgusy sütüne degdi, ondan soň top derwezeçiniň we goragçynyň ylalaşyksyz hereketleri netijesinde, Swetlana Prýannikowa tarap gitdi, ol bolsa derwezeçiniň çyzygyndan nyşanany päsgelçiliksiz urdy we ilkinji goluň eýesi boldy. Oýnuň ahyryna çenli hasap üýtgemedi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň topary-da, Täjigistanyň ýygyndysy ýaly ilkinji utugy gazandy. Oýnuň ilkinji gününden soň ilkinji tapgyryň 53-nji minutynda Şäbnäm Beheştiniň uran goly netijesinde, gyrgyzystanly garşydaşlaryny 1:0 hasabynda utup, 3 utuk gazanan eýranly futbolçylar öňde barýarlar.

Özbegistanyň ýygyndy topary ýaryşda ilkinji oýnuny 11-nji iýulda Täjigistana garşy geçirer. Şol gün Türkmenistanyň topary Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen oýnar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64790/turkmen-futbolcy-gyzlar-cafa-2022-cemionatynda-tajigistanyn-topary-bilen-den-oynady