3Х3 BASKETBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR ÝYGYNDYSY AZIÝA KUBOGY UGRUNDAKY ÝARYŞYŇ FINAL TAPGYRYNA ÇYKDY

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 8-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy. Aleksandr Paşkowyň tälim berýän türgenleri «E» toparçada Guamyň, Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň toparlarynyň gatnaşmagynda şol ýerde geçirilýän saýlama tapgyrda ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige eýe boldular.

Ilkinji oýunda türkmen basketbolçylary Guamyň toparyny 21:14, Gazagystanyň ýygyndysyny 21:10, Papua-Täze Gwineýanyň toparyny 21:11 hasabynda utdular.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşa Dilfuza Azizowa, Zybagözel Hydyrowa, Leýla Halylowa we Aýna Gökowa wekilçilik edýärler.

Boýy 1 metr 90 santimetr bolan Aýna Gökowa üç oýunda 31 utuk toplady we 14 utugy Guamyň topary bilen duşuşykda gazandy. Leýla Halylowanyň 20 utugy bar.

Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyrynda 4 topara bölünen 12 ýygyndy çykyş eder. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy «D» toparda Taýwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Her topardan güýçli ýygyndylaryň ikisi çärýek finala çykar.

Basketboluň 3х3 görnüşinde her topardan üç oýunçy meýdançanyň ýarysynda bir halkaly tora pökgi salmaga çalyşýarlar. 3х3 basketbolda oýun arassa 10 minut ýa-da toparlaryň biri 21 utuk toplaýança dowam edýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64703/3h3-basketbol-boyunca-turkmenistanyn-zenanlar-yygyndysy-aziya-kubogy-ugrundaky-yarysyn-final-tapgyryna-cykdy