KITAP FESTIWALY GEÇIRILDI

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň amatly we giň okalgasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy we kitaphananyň kömegi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran Kitap festiwaly geçirildi.

Şol gün bu ýerde “Turkmen – Amerikan book festival” we “Türkmen – amerikan kitap festiwaly” ýazgylaryny çar ýanda görmek bolýar. Festiwala gelenleriň her birine lotereýa bileti berildi. Oňa kitaphana yzygiderli gatnaýanlardan başga-da Aşgabatdaky Amerikan tomus mekdebiniň okuwçylary we olaryň ene-atalary, şeýle hem internetde berlen bildiriş boýunça gelen ýaşlar gatnaşdy.

Festiwalyň myhmanlaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mättýu Klimou mähirli garşy aldy. Ol gutlag sözünde gelenleri bu çäre üçin taýýarlanan nyşan bilen tanyşdyrdy: türkmen halysynyň elementlerinden “30” belgisi ýasalypdyr, onuň töwereginde bolsa türkmen, iňlis we rus dillerinde: “Bilelikde has güýçli” şygary ýer alypdyr. Özi-de, bu nyşan Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Döwlet baýdaklarynyň reňkinde taýýarlanypdyr. Jenap Mättýu Klimou, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlaryndan biriniň medeniýetdigini belledi. Bu işde kitaba aýratyn ähmiýet berilýär. Ilçihananyň işgärleri amerikan ýazyjylarynyň 10-dan gowrak kitabyny türkmen diline terjime edipdirler. Kitaplaryň aglabasy diňe bir amerikan däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlaryndaky çagalaryň söýgüsini gazanan edebiýatdyr. Olaryň arasynda Mark Tweniň dünýäde meşhur “Tom Soýeriň başdan geçirenleri” romany-da bar.

Festiwalyň myhmanlary okalganyň stollarynda goýlan edebi eserler bilen tanyşdylar. Her gelene her stoldan bir kitap alyp gitmäge rugsat edilýärdi.

– Biz Kitap festiwalynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde geçirilmegine diýseň begenýäris – diýip, ABŞ-nyň ilçihanasynyň Medeniýet we bilim bölüminiň müdiri Naýjel Robinson söhbetdeşlikde aýtdy. – Bu festiwal geljekde däbe öwrüljek şuňa meňzeş festiwallaryň başlangyjyny goýar diýip umyt edýäris. Biziň işimiziň maksady bu iki ýurduň medeniýetiniň arasyndaky gepleşiklerde aragatnaşyk usuly bolan iňlis dilini ýaýratmakdyr.

Festiwal lotereýa oýny bilen tamamlandy, onda gelenleriň käbirine baýrak utmak bagty miýesser etdi. “Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyk” nyşanly uly plastik torbada näme bardygyny çaklamak kyn däldi. Elbetde, kitap!

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64705/kitap-festiwaly-gecirildi