ÝERALMANYŇ BOL HASYLY ÝETIŞDIRILDI

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl bu welaýatda ýeralma sekiz müň sekiz gektar ýere ekildi, munuň özi geçen ýyldakydan has köpdür. Ekiniň aglaba bölegi Gurbansoltan eje we S.A. Nyýazow adyndaky etraplarda ýetişdirilýär. Şu günler ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak işleri dowam edýär. Bu işde Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe we Boldumsaz etraplary öňde barýarlar.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda jemi 123 müň 20 tonna ýeralma hasyly ýygnalar. Munuň üçin her gektaryň hasyllylygyny azyndan 140 sentnere ýetirmeli. Daşoguzly babadaýhanlar bellenilen sepgide ýeterler diýip ynam bilen aýtsa bolar. Çünki sebitde ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplandy.

Häzirki wagtda ýygyma gatnaşýan toparlaryň ählisiniň sazlaşykly işini guramaga aýratyn üns berilýär. Daşoguz welaýatynda daýhan birleşikleri bilen birlikde ýeralma öndürmäge hususy telekeçiler-de saldamly goşant goşýarlar, döwlet tartapyndan olara hemmetaraplaýyn we netijeli goldaw berilýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64784/yeralmanyn-bol-hasyly-yetisdirildi