SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝA GURNALDY
2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa geçirildi. Çärä Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory K.Şaripow, uniwersitetiň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. Leksiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen Bitaraplygynyň taryhy hem-de onuň Merkezi Aziýada...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LEBAP WELAÝATYNDA GURLAN METJIDIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabada baryp, sebitiň dolandyryş merkeziniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary bilen söhbetdeş bolup, sebitleri...
TÜRKMENISTANDA AÝALLARYŇ SAGLYGY WE MAŞGALADAKY ÝAGDAÝY BOÝUNÇA SYNYŇ GEÇIRILMEGI
2020-nji ýylyň 25-nji fewraly 1-nji apreli aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler minis...
ВЕДУЩИЕ ИГРОКИ НЕФТЕГАЗОВОГО И ФИНАНСОВОГО РЫНКОВ ОБСУДЯТ ЗНАЧЕНИЕ ТАПИ И ИНВЕСТИЦИИ В ТЭК
24-25 февраля в Дубае (ОАЭ) состоится Международная конференция «ТАПИ – газопровод мира и сотрудничества» и форум по привлечению иностранных инвестиций в нефтегазовую отрасль Туркменистана. В этих мероприятиях примут участие представители нашей страны, а также крупных мировых нефтегазовых компаний, финансовых структур, научно-исследовательских институтов и международных организаций. На повестку дня форумов вынесены такие темы, как роль газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия в о...
RESMI HABAR
?Türkmenistanda wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny wezipä bellemegiň hem-de wezipeden boşatmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran 374-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen: Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow — senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary, Mergen Aýmuhammedowiç Orazow — senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesine bellenild...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri gurmak we olaryň düzümini kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli senagat we önümçilik desgalarynyň 2020 — 2023-nji...
RESMI HABAR
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara...