SOŇKY HABARLAR
NEMES OPERASY WE RUS ROMANTIZMI: RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTRIŇ TÄZE KONSERTI
18-nji martda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy, onda Karl fon Weberiň we Pýotr Çaýkowskiniň eserleri ýerine ýetirildi. Resul Gylyjow diňe bir kompozitoryň döredijiliginde däl, eýsem 19 asyryň birinji ýarymynda Karl Mariýa fon Weberiň ýewropa medeniýetinde hem meşhurlyk gazanan «Erkin mergen» romatiki operasynyň taryhy barada gürrüň berdi. Operanyň 1821-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolan premýerasy tom...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy gor...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TBILISINIŇ MERKEZINDE WIDEOFILM GÖRKEZILDI
2020-nji ýylyň 18-nji martyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisiniň merkezinde, Tbilisi konsert zalynyň öňünde ýerleşdirilen uly monitorda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm goýberdi. Wideofilmde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, medeniýet, sungat we sport ugurlarynda ýetilen uly üstünlikleri görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmen...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR
Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dost-doganlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köptaraply gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna ýetip gelýän Bahar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINI WE RESMINAMA DOLANYŞYGYNY SANLYLAŞDYRMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň e...