RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Few

AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...

DOWAMY
pic
27 Few

ŽENEWADA “HAZAR DEŇZI SEBITINIŇ ULAG-ARAGATNAŞYK MÜMKINÇILIKLERI: AZERBAÝJAN WE TÜRKMENISTAN – IŇ GYSGA ÝOL” ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Azerbaýjanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda “Hazar deňzi sebitiniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň g...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAŞLAR SYÝASATY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi. Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başly...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI AWSTRIÝANYŇ DIPLOMATIK AKADEMIÝASYNDA TEGELEK STOLY GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Wenany Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi. Tegelek stola Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Diplomatik Akademiýasynyň direktory E.Briks, Halkara ynsanperwer yl...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT WE DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Türkiýäniň Uşak uniwersitetinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi.  Geçirilen çära, Uniwersitetiň rektory we mugallymlary, bilim alýan türkmen we türk talyplary, Uşak welaýat Medeniýet müdürliginiň, dürli ylmy edaralaryň we j...

DOWAMY
pic
26 Few

BELARUSDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Belarus döwlet lukmançylyk kollejinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada» BMG-nyň Rezolýusiýasynda kabul edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Çärä Belarus döwlet lukmançylyk kollejiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary, bu okuw mekdebinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş eden wekiller Türkmenistanyň Bitaraplyk derejes...

DOWAMY
pic
26 Few

AŞGABATDA ÝEWRAZIÝA TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...

DOWAMY