SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINDE TÜRKMENISTANYŇ NEBIT-GAZ PUDAGYNYŇ ÄHMIÝETI
Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ýurtda, sebitde we bütin dünýäde ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üpjün etmekde Türkmenistan nebit-gaz pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ymtylýar. Şu ýyl Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 25 ýyllygyny giňden dabaralandyrýar. Bu taryhy sene mynasybetli ýurdumyzda döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynyň köpýyllyk işlerini giňden şöhlelendirýän neşirler çap edilendir. Şeýle neşirleriň...
ÝURDUMYZYŇ ULAG WE KOMMUNIKASIÝA PUDAKLARYNYŇ ÖSDÜRILMEGI - TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARYNYŇ HATARYNDADYR
Türkmenistan ulag gatnaşyklaryny ösdürmegiň hem-de kommunikasiýalary ulgamyna tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň tarapdary bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çap edilen “Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumy” atly ýörite neşirde giňden beýan edilýändir. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýete geçmek bolup durýar. Neşirde öýjükli aragatnaşyk, in...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAŞTUTANLYGYNDA ÝURDUŇ OBA-HOJALYK TOPLUMY ULY SEPGITLERE ÝETDI
Türkmenistanyň oba-hojalyk toplumyny kämilleşdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri utulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda oba-hojalygy yzygiderli ösdürilýär, daşky gurşawy goramak boýunça işler, şol sanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar dowam etdirilýär. Şu ýyl, Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden belleýär. Taryhy senäniň şanyna ýurtda Türkmenistanyň oba-hojalyk toplumynyň işiniň netijelerine bagyşlanan ýörite...
“TÜRKMENISTANYŇ BILIM, YLYM, SAGLYGY GORAÝYŞ WE SPORT ULGAMLARY” ATLY ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN NEŞIR ÇAP EDILDI
Şu ýyl Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 25 ýyllygyny giň gerim bilen belleýär. Dabaraly senäniň şanyna döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçiren işlerini giňişleýin şöhlelendirýän şekillere baý bolan ýörite neşirler çap edildi. Şeýle neşirleriň biri hem “Türkmenistanyň Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary” atly neşir bolup durýandyr. Türkmenistanda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlary...
TÜRKMENISTAN MEDENIÝET ULGAMYNYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYR
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamaga we ýurtda medeniýet ulgamyny ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bu ugurda köp işleri etdi. Ol işler “Türkmenistanyň medeniýet ulgamy” atly ýörite şekillendirilen neşirde şöhlelendirilýär. Bu kitap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna hem bagyşlanan. Medeniýet ulgamy ýurduň ösüşinde uly rol oýnaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ DÖREDILMEGINIŇ 12 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TSTB SERGISINE HEM-DE BIRLEŞMÄNIŇ AGZALARYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda bu serginiň we maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň meka...
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA BITARAPLYGYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÄZE HALYÇYLYK KÄRHANASY GURULÝAR WE BAGÇYLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA TELEKEÇILIK TASLAMASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň Gubadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasy gurulýar. «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň tabşyrygy boýunça bu taslamany Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenbetonönümleri» ÖB-niň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümi amala aşyrýar. Gurluşygy alnyp barylýan fabrik – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp welaýatda işe giriziljek iri önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň on üçüsiniň biridir. Kärhana...