SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewür toparyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem karbam...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşgyň barşynda Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň adyna Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýollan çakylygy hem-de bu çäreleriň dowamynda görkezilen ýokary myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk haty gowş...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI 2020-NJI ÝYL ÜÇIN DÖWLET BÝUJETINI KABUL ETDI
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýe...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 85 963 595,0 müň manat we çykdajylar boýunça 85 670 944,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.
EKSPO-2020 HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARYŇ DÖRDÜNJI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...
MOSKWADA DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA RUS-TÜRKMEN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler boýunça, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiý...
DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYKDA MERKEZI AZIÝA INTEGRASIÝASYNYŇ UGURLARY KESGITLENILÝÄR
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...