SOŇKY HABARLAR
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de halkara we ýerli KHBS wekil...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KATAR DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde esaslandyrylan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary ara alnyp...
AŞGABATDA HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda küşt we badminton boýunça ýaryşlar geçirildi. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenis...
DAŞOGUZYŇ DEMIR-BETON ÖNÜMLERI ZAWODY ÖNÜMÇILIGI GIŇELDÝÄR
?Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda daşky we içki diwar panelleriň önümçiligi özleşdirildi. Munuň üçin kasseta tehnologik liniýasy oturdyldy. Zawodyň önümleri kärhananyň düzümindäki demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde oňaýly köp öýli jaýlary gurýan gurluşyk edarasyna niýetlenendir. Häzirki wagtda iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň beýleki tekiz elementleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp baryl...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdymuhammet Begmyradowiç Aramow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Kakageldiýewiç Saparow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş...
ŞOWLULYK HEMRAŇ BOLSUN, TÄZE SPEKTAKL!
Baş drama teatrynyň «Rowana» oýnunyň premýerasy ... kölegeler sungatyndan başlandy. Ol pýesanyň baş gahrymanlary –Rowan we Serwi bilen tanyşdyrdy ... Ine, olaryň bäbek döwri, 7 ýaşda mekdebe gidip, 10 ýyldan soňam ýetişenlik attestatyny aldylar ... Gol tutuşyp durmuş ýolundan gitmäge öwrenişen Rowan bilen Serwini duýdansyz ýerden atalary aýra salýarlar. Tomaşaçylaryň köpüsiniň kellesine: «Döwrebap äheňli Gündogar dessany!» -diýen pikir geldi. Hem dogry, hemem beýle däl! Has takygy, döwre görä...