SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşly...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gyzdyrylan nebit koksunyň uly möçberini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür topa...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SAGLYK ÝOLUNY GEÇDI
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Halkymyzyň abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaý...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejli...
HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Bilim ministrligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 9 — 20-nji marty aralygynda «Awaza» milli sy...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we...