RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Noý

AŞGABATDA HALKARA TEATR FESTIWALY TAMAMLANDY

Şu gün paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu iri forum myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Teatr sungatynyň festiwaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däpleri...

DOWAMY
pic
23 Noý

GADYMY TÜRKMEN EPOSY SAHNADA

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Gorkut ata» eposy esasynda döredilen «Domrul» spektakly Aşgabat halkara festiwalynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Çeper obrazlylygy we gurluş sazlaşygy bu güýçli täsirli işi has saýry getirýär. Sahnadaky durşuna ýüň ýüplükler sallanyp duran ak öý dokalyp gutarylmadyk halyny ýada salýar. Hamala, çeper elli halyçy çaýa çykanda gadymy bir rowaýat aýdyp berjek ýaly bolup dur. Dutar sazyna utgaşyp, çylşyrymly ýordum öwrümlerinden ybarat hekaýat başlanýar. Dram...

DOWAMY
pic
23 Noý

BAE-NIŇ DUBAÝ ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇDI

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y...

DOWAMY
pic
23 Noý

AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Rahmatow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp...

DOWAMY
pic
23 Noý

MINSK ŞÄHERINDE TÜRKMENISTAN BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary, belarus tarapyna Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.Ýewdoçenko ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny häzirki zaman maglumat tehnologiýa...

DOWAMY
pic
22 Noý

MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY «LEÝLI-MEJNUN» DESSANYNY ÖZBOLUŞLY SAHNALAŞDYRDY

Uilýam Şekspiriň meşhur: «Romoe bilen Julýetta barada hekaýatdan hasratly hekaýat ýok» -diýen pikirine garşy çykasyň gelip dur. Bar, onda-da nähili hekaýat diýsene, has takygy dessan -- «Leýli-Mejnun» dessany. Romoe bilen Julýetta söwerini ýitirensoň yzly-yzyna panyny terk edýärler. Ýöne Leýlidir Mejnun welin uzak wagt jebir çekip, bir-birege söýgüsini, wepasyny her gün, her durmuş öwrümlerinde subut etmeli bolýarlar. Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň sahnasynda adybir dessan esasynda go...

DOWAMY