SOŇKY HABARLAR
LEBAP WELAÝATY ŞALY ÖNDÜRMEK BOÝUNÇA BORÇNAMANY ÝERINE ÝETIRDI
Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler. Şu ýyl Amyderýa jülgesinde güýzlik galla ýygnalandan soň boşan 10 müň gektardan biraz artyk ýerde şaly ekildi. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy welaýatyň ekarançylarynyň üstünligine şert döretdi. Zähmet ýeňşine döwlete 10 müň tonna golaý şaly tabşyryp, şertnama borçlaryny artygy bilen berjaý eden Çärjew etrabynyň şalyçylary saldamly...
«ŽIBEK» GAZAK EPOSY HÄZIRKI DÖWRÜŇ SUNGAT DILINDE
Astanadan «Žastar« («Ýaşlar») teatrynyň döredijilik topary Aşgabat halkara festiwalynyň çäklerinde «Kyz-Žibek» gazak liriki-epiki poemasyny döwre muwapyk, nepis çeýelik dilinde beýan etdi. Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynyň sahnasynda Žibek gyz bilen Tölegeniň arasynda dörän söýgi barada dartgynly duýgylara ýugrulan sahna eseri ýaýbaňlandy, onuň pajygaly gutaryşy Şekspiriň Romeo we Julýetta hakyndaky eserini ýada salýar... Žibek söweriniň jesediniň üstünde jan berýär, çünki onuň üçin a...
AŞGABATDA SPEKA-NYŇ DOLANDYRYJYLAR GEŇEŞINIŇ 14-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda, Aşgabatda geçirilýän “SPEKA günleriniň” jemleýji tapgyry bolan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryjylar geňeşiniň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga SPEKA gatnaşyjy döwletleriň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilleri, şeýle-hem ykdysadyýet we ösüş, söwda we ulag puda...
SPEKA-NYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA “AŞGABAT BAŞLANGYJY” KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 20-21-nji noyabrynda Aşgabat şäherinde «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça SPEKA-2019 Ykdysady forumy geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guralan foruma, halkara guramalaryň yolbaşçylary we hünärmenleri, SPEKA-nyň ag...
TÜRKMENISTAN WE ABŞ WAŞINGTONDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
20-nji noýabrda Waşingtonda Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda piki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SENAGAT - KOMMUNIKASIÝA TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowa söz berdi. Ministr döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet maksatnamala...
TÜRKMENISTAN WE ÝB ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYLYGYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlik iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şol gün P.Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar....