SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK
2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna we hoşniýetli goňşuçylygyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, taraplar sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan tü...
ENERGETIKA ENJAMLARYNA HYZMAT EDIŞ MERKEZI YKDYSADY WE TEHNIKI NETIJELILIGE ÝARDAM EDÝÄR
Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet korporasiýasynyň tabşyrygy boýunça «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe Respublikasy) we «Çalik Enerji Swiss AG» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de olara hyzmat ediş merkezini gurar. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda desga 2022-nji ýylda işe giriziler. Häzirki wagta taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Çalik E...
ЭТРАП ГЁРОГЛЫ ПЕРВЫМ В ДАШОГУЗСКОМ ВЕЛАЯТЕ ВЫПОЛНИЛ ПЛАН ПО СБОРУ ХЛОПКА
Первыми в Дашогузском велаяте договорные обязательства по производству хлопка-сырца выполнили хлопкоробы этрапа Гёроглы. С отведенных под ценную культуру 16,5 тысячи гектаров заготовлено более 27 тысяч тонн 800 «белого золота». Темпы страды значительно опережают прошлогодние. В данной связи отметим, что в этрапе Гёроглы производством хлопка заняты четырнадцать дайханских объединений. Как и в целом в велаяте, здесь культивируют наиболее приспособленные к почвенно-климатическим условиям северно...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA «PEKIN + 25» SEBITLEÝIN SYN MASLAHATYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýandyr. 1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nj...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy. Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy. 2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy jenap Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadsyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň...
TÜRKMEN SAHNASYNDA TÜRK OPERA AÝDYMÇYLARY ÇYKYŞ ETDILER
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň jar edilmeginiň 96 ýyllygyna bagyşlanan konsert köp adamly boldy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlyk etmeginde tanymal opera aýdymçylary Filiz Güneş (soprano) we Oguz Çimen (tenor) çykyş etdiler. Çäräni Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar. Aýdym-saz agşamy Daňatar Öwezowyň «Aýna» operasyna uwertýura bilen açyldy. Resul Gylyjowyň ýolb...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şageldi Annasähedowiç Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.