RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk gör...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETI BÜTINDÜNÝÄ SUW GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILDI

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi. (Goşmaça maglumat)

DOWAMY
pic
28 Okt

NORWEGIÝADA TÜRKMEN-NORWEGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Osloda Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alny...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY WE HZG: ÝAKYN GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Häzirki wagtda Ženewada Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň 337-nji mejlisi geçirilýär, onuň barşynda institusional häsiýetli, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär.    Halkara zähmet maslahatynyň geljekki mejlisleriniň gün tertibiniň meseleleri, şeýle hem Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji mejlisiniň jemleri boýunça geljekki amala aşyrylmaly hereketler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy bolar...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.  Gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara mesel...

DOWAMY
pic
26 Okt

27-NJI OKTÝABRDA AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDE TÜRKMEN-MALAÝZIÝA GEPLEŞIKLERI GEÇIRILER

Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bi...

DOWAMY