SOŇKY HABARLAR
HYTAÝDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Agzalan çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý H...
HALKARA PUL GAZNASY: 2019-NJY ÝYLDA TÜRKMENISTANYŇ JEMI IÇERKI ÖNÜMINIŇ 6,3 GÖTERIM DEREJEDE ÖSMEGINE GARAŞYLÝAR
Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparynda boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr....
TÜRKIÝEDE TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARY IKI MEDAL GAZANDYLAR
Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim Süleýman oglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, altyn we kümüş medallara mynasyp boldy. Bu wekilçilikli ýaryş geljek ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpia oýunlary — 2020-ä çykmak üçin saýlama tapgyr boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kilograma çenli agram derejesinde t...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeden gelen işew...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...
BAKUDA GEÇIRILEN YSLAM MEDENIÝETINIŇ SURAT SERGISINDE TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ GÖZEL ÝERLERI ŞÖHLELENDIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli medeniýet muzeýinde yslam medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine bagyşlanan Yslam medeniýetiniň surat sergisi geçirildi. Bu çäre Baku Ikinji Dini Baştutanlaryň Summitiniň çäklerinde geçirildi. Sergä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerleşýän ýadygärlikleriň çeper suratlary hem-de Soltan Sanjar we Il-Arslan kümmetleri, Seýit Jemaletdin metjidiniň...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine...