SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY MULIKOW I.H. HAKYNDA
Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiçi, işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltmeli, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serker...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY M.B.ÇAKYÝEW HAKYNDA
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: Polisiýanyň polkownigi Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry.
DÖWLET BAŞTUTANY SEÝILGÄH ZOLAKLARYNY GURAMAGA DÖWREBAP ÇEMELEŞMEGIŇ MÖHÜMLIGINI BELLEDI
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwle...
HYTAÝ HALKY HHR-YŇ DÖREDILMEGINIŇ 70 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döwlet Başlygy Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini jar etdi, munuň özi Hytaýyň taryhynda täze wajyp tapgyry aňladypdy, gülläp ösýän we kuwwatly döwlet döretmek ýolunda möhüm ädim bolupdy. Hytaý garaşsyz, özbaşdak we parahatçylykly daşary syýasata eýerýär hem-de ählumumy syýasy we ykdysady gurluşa uly täsir edýär – diýlip, HHR-yň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdunyň makalasynda aýdylýar. Ýurtda döwrebap senagat...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULY NESILLERINE HEM-DE HALKYNA
Hormatly ýaşulular! Eziz watandaşlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda uly orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz mähriban halkymyzy döredijilikli işlere galkyndyrýan, belent maksatlara jebisleşdirýän şanly seneleri hem-de baýramlary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarys. Milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gyzgyn salamlar ýetirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Baş Sekretar...
TÜRKMENISTAN TERRORÇYLYKDAN AZAT BOLAN PARAHATÇLYGY GAZANMAK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ KODEKSINE GOL ÇEKDI
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi. Türkmenistanyň ýokarda agzalan halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine biziň ýurdumyzyň berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.