SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN TERRORÇYLYKDAN AZAT BOLAN PARAHATÇLYGY GAZANMAK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ KODEKSINE GOL ÇEKDI
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi. Türkmenistanyň ýokarda agzalan halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine biziň ýurdumyzyň berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow bilen duşuşdy. Taraplar BMG bilen Türkmenistanyň BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, BMG-niň agza döwletleriniň arasyndaky halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreş ugrundaky bor...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURUJY MESELELER BOÝUNÇA BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rozmari A.Dikarlo bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar wajyp halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkeziniň işjeňligi bellenildi, durnuklylygy, howpsuzlygy we Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşini üpjün etmek boýunça merkeziň täze başlangyçlary aýrat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AZ DEREJEDE ÖSEN ÝURTLAR, ÖSÜP GELÝÄN ÝURTLAR WE ÖSÜP GELÝÄN KIÇI ADA DÖWLETLERI BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamanu bilen duşuşdy. Taraplar geljekki Wena Meýilnamasynyň işleriniň orta möhletde gözden geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Ýokary wekil 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň ulag boýunça Ilkinji Global maslahatynyň dowamynda orta atylan Aşgabat prosesin...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Lýu Çženminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça giňişleýin pikir...
ÝÜWRÜK ALPINISTLER ÝOKARLYGYNA YLGAP ÇYKMAKDA BÄSLEŞDILER
Duşak-Erikdagyň aralyk belentlikleriniň biri bolan Harlasaňa (1643 metr) ylgap çykmak (Vertical Kilometer derejeli) alpinizmi boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň üçünji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň Büzmeýin etrap häkimliginiň ýardam bermeginde «Agama» alpinistler klubunyň guran ýaryşy Skaýrinning halkara federasiýasynyň düzgünlerine görä geçirildi. Ýaryşa gatnaşan 56 türgeniň 31-si bellenilen wagtda pellehana geldi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Žak Şiragyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. Hatda Žak Şiragyň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygy, Fransiýa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz...