SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANLYLAR 2020-NJI ÝYLY GELJEGE BOLAN ULY YNAM BILEN GARŞYLADYLAR
Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Size çuňňur hoşallyk bildirýärin we 2020-nji ýylda rowaçlyklary arzuw edýärin. Antoniu Guterreş, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Tüýs ýürekden çykýan Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de söwda-ykdysady, energetika,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda he...
KOSMONAWT OLEG KONONENKO TÜRKMEN LIDERINI ÝETIP GELÝÄN TÄZE ÝYL BAÝRAMY BILEN GUTLADY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Täze 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda geljek ýylyň hem belent sepgitlere, Türkmenistanyň halkynyň täze zähmet üstünliklerine beslenjekdigine we Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göteriljekdigine ynanýaryn. Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-biregi ýetip gelen Täze ýyl mynasybetli gutladylar hem-de berk jan saglyk, doganlyk türkmen we gyrgyz halklarynyň abadançylygy ugrundaky bilelikdäki işde we ähli başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutlap, berk jan saglyk, ähli oňyn başlangyçlarda hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň bähbidine bilelikdäki işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary d...
«ALTYN ASYR» ÝGPJ OBA ÝERLERINIŇ ÖÝJÜKLI ARAGATNAŞYK ULGAMYNY DÖWREBAPLAŞDYRÝAR
?Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Täze ýylyň öň ýanynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň obalarynda bazalaýyn stansiýalary oturtmak boýunça gurnama hem-de gurnama-işe giriziş işlerini alnyp barýarlar. Öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň milli operatory Ahal welaýatynyň obalarynda we şäherlerinde ýokary tizlikli internetiň elýeterliligini üpjün etjek stansiýalaryň ýene-de 50-sini oturdyp, aragatnaşyk ulgamyny döwrebapalşdyrmak işlerini dowam etdirer. Giň mümkinçilikli...