SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Energetika ministrligine güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan 1 sany transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
TBILISI ŞÄHERINDE ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeler türkme...
«ÇEPER» TIKINÇILIK FABRIGI ÝYLLYK TABŞYRYGY ÝERINE ÝETIRDI
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabrigi ýyllyk tabşyrygy wagtyndan iki aý öň ýerine ýetiri. Häzirki wagta çenli bu ýerde 8 million 381 müň manatlyk önüm öndürildi, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden ýokarydyr. Ýörüteleşdirlen döwrebap enjmlar bilen üpjün edilen kärhanada ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli matalardan çagalar we ulular üçin egin-eşikler, iş eşikleri, şeýle hem hojalykda ulanylýan dokma önümleri öndürilýär. Fabrigiň marketolog...
TÜRKMEN-MAHABAT HK: AÝRATYN BEZEGLER, DÜRLI MÜMKINÇILIKLER
Türkmen-Mahabat hususy kärhanasynyň taýýarlan mozaikaly pannolary paýtagtymyzy gurmagyň on altynjy tapgyrynyň çäklerinde hususy gurluşyk kärhanalarynyň Magtymguly şaýolunda bina edýän 12 gatly jaýlarynyň gapdal tarapyny bezär. Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň köp gatly jaýlarynyň 16-synyň gapdal bölegine türkmen nakgaşlarynyň monumental kompozisiýalary çekiler. Beýikligi onlarça metr bolan pannolar 2,5 х 2,5 santimetr ölçegdäki örtüklerden düzüler, olar gyzdyryl...
TÜRKMENISTANDA HASYL TOÝY DABARALY BELLENILDI
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnasyndan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçn...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ EDERMEN OBA ZÄHMETKEŞLERINE, HASYL USSATLARYNA WE ÄHLI HALKYNA
Eziz watandaşlar! Edermen babadaýhanlar! Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Watanymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýs...
AŞGABATDA DÖWLET-RAÝAT ÖZARA HEREKETINIŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
7-nji Adalat ministrliginde Türkmenistan Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuk döwlet gurluşyna ýardam etmek» Sebit maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda guran «Adminstratiw önümçilige we adminstratiw iş ýöredişe gatnaşyjylar» atly administratiw hukugy boýunça X Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň hukukçylaryny, Germaniýadan halkara bilermenlerini, şeýle...