SOŇKY HABARLAR
ИНДИВИДУАЛЬНОЕ ПРЕДПРИЯТИЕ «ÝUMAK»: ТОЧКИ БИЗНЕС-РОСТА
Стабильно увеличивает производство животноводческой продукции индивидуальное предприятие «Ýumak», отмечающее своё пятилетие. Хозяйство, расположенное в Серахском этрапе Ахалского велаята, с начала года отправило на переработку более 1677 тонн молока и около 50 тонн мяса. Пять лет назад сельские предприниматели построили животноводческий комплекс и приступили к освоению полученной на условиях аренды пустующей земли. За эти годы поголовье крупного рогатого скота в хозяйстве выросло более чем в...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BAG EKMEK MÖWSÜMINE GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ir ertir bilen köp sanly dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň eteginde ýygnandylar....
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda baglaşylan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de esaslyk ýagyny satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Russiýa, BAE...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 8-9-njy noýabrynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini we 2025-nji ýyla çenli YHG-nyň ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça edilen işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de YHG-nyň çäklerinde we onuň daşynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAGTAÇYLARYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI HAKYNDAKY HASABATLARY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi. Sebitleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň gazanan täze ýeňşi bilen ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan gutladylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň möçberli ö...
HASYL TOÝY MYNASYBETLI GEÇIRILJEK ÇÄRELER
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Baýramçylyk mynasybetli esasy çäreler «Aşgabat» atçylyk sport toplumynda geçiriler. Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň döredijilik toparlary, teatrlaryň artistleri çykyş ederler. Adaty däbe görä, baýramçylyk mynasybetli sergi guralar. Onda ýurdumyzyň tohu...
AŞGABATDA BMG-NIŇ ÝÖRITE MAKSATNAMASYNY (SPEKA) DURMUŞA GEÇIRMÄGE BAGYŞLANAN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELER GEÇIRILER
Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara möhüm orun degişlidir. Şolaryň hatarynda SPEKA maksatnamasyny aýratyn görkezmek bolar. Bu maksatnama 21 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary, Azerbaýjan, Owganystan hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman se...