SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BAŞ ARÇANYŇ ÝANYNDA TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Türkmen paýtagty Täze ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Köpöwüşginli bezegler şäheriň köçelerini, meýdançalaryny, seýilgählerini hem-de seýil baglaryny tanalmaz derejede özgertdi. Hemme ýerde, konsert meýdançalarynda we açyk asmanyň asty...
KOMPOZITOR DAŇATAR HYDYROW: YLHAM SIMFONIÝASY
Şu gün türkmen kompozitorlyk mekdebiniň döredijiligi özboluşly şahyrana owazlara ýugrulan güýçli wekilleriniň biri Daňatar Hydyrow doglan gününi belleýär. Daňatar Baýramowiç 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepede gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Atasy Hydyr aga oglanjygyň saza ukyplydygyny aňypdyr, ol agtygynyň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin ähli şert döretmäge çalşypdyr. 1960-njy ýylda Daňatar mekdebe barýar. Şol ýyllarda hem Amangeldi Goçow bilen Saparmyrat Babaýewiň ýolbaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY Ş.D.JUMAÝEW HAKYNDA
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji dekabry.
AŞGABATDA NOBATDAKY ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY ULANYLMAGA BERILDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Irden owadan şarlar bilen bezelen täze jaýlaryň ýanynda uly türkmen toýuna mahsus ýagdaý döredildi. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda şäheriň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri,...
KUWWATLY YKDYSADYÝET — GÜLLÄP ÖSÝÄN ÝURT
Türkmenistanyň ösüşiniň esasy meýillerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny beýan edýän «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýyldaky jemleýji sany geçip barýan ýylyň deslapky netijelerini jemledi. Şeýle hem žurnal ýurdumyzyň ykdysady wezipelerini çözmäge ýardam etmek maksady bilen, maliýe, salgyt-býujet, pul-karz syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça ylmy syn makalalaryny, dünýäd...
TÜRKIÝÄNIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda türk diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orna eýedigini nygtady, çünki...
TÄZE ÝYL ART-BAZARY: EL HÜNÄRINIŇ BAÝRAMY
Art-bazar geçirilýän güni «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezine ýetip barýarkak indiki, 2020-nji syçan ýylynda täze ýyl eksklýuziw ýarmarkasynyň baş gahrymany hem ak syçan bolar öýdüp çak edýärdik. Dogrudanam, her hili syçan şekilli zatlar öte kän bolsa-da, her hili baýramçylyk sowgatlyklarydyr elde ýasalan üýtgeşik eserlerem olardan az däldi. Ilki duşanymyz nakgaş Baba Owganow boldy, ol isleg bildirenleriň ekspress-portretini çekýärdi, galyberse-de, sungat eseriniň döreýşiniň syryny bilesi...