img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Okt

BILELIKDÄKI TÜRKMEN-AWSTRIÝA SIMFONIKI ORKESTRI ONÝYLLYGYNY BAÝRAM EDÝÄR

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň onýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň we Awstriýanyň dostlugynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan bu orkestr diňe bir ikitaraplaýyn taslama däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň hem özboluşly saz nusgasydyr. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet ministrligi we Awstriýa-Türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guran bu baýramçy...

DOWAMY
pic
25 Okt

ELEKTRIK GEÇIRIJI LINIÝALARYŇ KOMPOZIT SÜTÜNLERI: WAJYP TELEKEÇILIK TASLAMASYNYŇ ARTYKMAÇLYKLARY

Ýurdumyzda ilkinji gezek elektrik geçiriji liniýalar üçin beton sütünler önümçiliginde polat armatura derek kompozit armatura ulanyldy. Paýtagtymyzyň demir-beton önümleri zawodynda şäheriň elektrik ulgamlary üçin täze materialdan ýasalan sütünleriň ilkinji tapgyry çykaryldy. Büzmeýin etrabynda ýerleşýän kärhanada ýerli çig maldan – aýna önümçiliginiň galyndylaryndan innowasion tehnologiýalar ulanylyp aýna süýümli armatura taýýarlaýarlar, ol köp babatda demir armaturalardan has gowydyr. «Ko...

DOWAMY
pic
25 Okt

TBILISI ŞÄHERINDE HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 21-25-nji oktýabry aralygynda Tbilisi şäherinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa bu ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky awtoulag gatnawlarynyň möçberi barada pikir alyşdylar. Halka...

DOWAMY
pic
25 Okt

MOSKWADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada «Сколково» tehnoparkynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. GDA gatnaşyjy-döwletleriň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle-de, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.Lebedew mejlise gatnaşmak üçin Moskwada jemlendiler. Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çäklendirilen düzümdäki mejlisiniň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meselel...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI IKI ÝURDUŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Baku şäheriniň Kongressler merkezinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.    Foruma gatnaşýanlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň  - 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklygy kabul eden ýurduň Prezidenti bitarap Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” we  köpta...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...

DOWAMY
pic
24 Okt

TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARYNYŇ NOBATDAKY SYLAGLARY

KHDR-iň paýtagty Phenýanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçilýär. Ol dünýäniň 16 ýurdundan türgenleri ýygnap, olaryň hatarynda pälwanlaryň sekizisi Türkmenistana wekilçilik edýärler, olar milli ýygyndy toparyň sylaglarynyň üstüni bürünç medallaryň dördüsi bilen ýetirdiler. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda «Olimp» sport orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Bektimur Reýimow tapawutlandy. Ol 67 kilogram agram derejesinde çykyş etmegiň iki...

DOWAMY