img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň dokuz aýynda bu düzümiň geçiren işleriniň jemleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
24 Okt

DAÝAHATYN KERWENSARAÝYNDA REJELEMEK IŞLERI DOWAM EDER

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «ABŞ-nyň Ilçisiniň medeni mirasy saklap galmak boýunça gaznasy» atly her ýylky maksatnamasynyň nobatdaky ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy. Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem rejelemek baradaky Türkmenistanyň Milli müdirliginiň taslamasy iň gowy taslama diýlip ykrar edildi. Lebap welaýatynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän ХI-ХII asyrlaryň üýtgeşik binagärlik ýadygärligi bolan Daýahatyn kerwensaraýy türkmen-amerikan hyz...

DOWAMY
pic
24 Okt

SAGLYK ÝAGDAÝY ÇÄKLI ADAMLARYŇ ARASYNDA GAÝA ÇYKMAK BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

?Agama» alpinistler klubynyň türgenleşik meýdançasynda saglyk ýagdaýy çäkli adamlar üçin gaýa çykmak boýunça uýgunlaşdyrylan ýaryş geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň agzalary hem-de okuw-terbiýeçilik sagaldyş merkeziniň okuwçylary gatnaşdylar. Olaryň köpüsi dag sportunyň şu görnüşinde ilkinji gezek güýjüni synap görýärdi. Saglyk ýagdaýy çäkli adamlary dikeltmegiň täze ugruny Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti hem-de «Agama» alpinistler klubynyň müdirligi...

DOWAMY
pic
24 Okt

AŞGABATDA IV WENA BALY GEÇIRILDI

Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar....

DOWAMY
pic
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNA GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 24-26-njy oktýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň «Häzirki zaman lukmançylygynyň derwaýys meseleleri» atly IV Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň gazananlarynyň hem-de türkmen-halkynyň medeni mirasynyň tanyşdyryş sergisi guraldy.

DOWAMY
pic
23 Okt

IZMIRIŇ OPERA WE BALET TEATRYNYŇ SOLISTLERI AŞGABATDA ÇYKYŞ EDERLER

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň jar edilmeginiň 96 ýyllygyna bagyşlanan konsert bolar. Çäräni ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Türkiýäniň Ilçihanasy guraýarlar. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlyk etmeginde Aşgabat sahnasynda Izmiriň opera we balet teatrynyň artistleri, opera ussatlary Filiz Güneş (soprano) we Oguz Çimen (tenor), şeýle hem tanymal pianinoçy Tugçe Doruk çykyş ederler. Saz...

DOWAMY
pic
23 Okt

TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tokioda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: “Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndak...

DOWAMY