RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine...

DOWAMY
27 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalar...

DOWAMY
27 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GWATEMALA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň, türkmen paýtagtyna öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen, Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Haýro Dewid Estrada Barrios bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça jogapkärli wezipä bellenmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Gwatemala bilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdür...

DOWAMY
27 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝOLÇULARYNYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň Başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşi bilen hyzmatdaşlygy hem-de sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ählumumy ulag dialogyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşygy, ulag pudagynyň maddy we tehniki binýadyny döwrebaplaşd...

DOWAMY
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bild...

DOWAMY
26 Few

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE DÖREDIJILIK TAGLYMLARYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa laýyklykda, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. 20-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkal...

DOWAMY
25 Few

"ARKADAG" ŞÄHERINE BARYP GÖRMEK WE ÖSÜŞINE BAHA BERMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ TEHNIKI MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-nyň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şä...

DOWAMY