RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Few

TÜRKMENISTAN GLOBAL ULAG GEPLEŞIKLERINDE

?Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly II halkara maslahaty we sergini 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu waka Türkmenistanyň halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge, dünýä diplomatiýasynyň ösmegine we ýurtlaryň hem yklymlaryň durnukly ösüşine itergi berýän özara peýdaly gatnaşyklaryň täsirli köpugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilen özüniň ulag diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň ýene bir s...

DOWAMY
28 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE YSRAÝYLYŇ DIM-NIŇ WEKILÝETI BILEN GEPLEŞIKLER

Şu ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, Aşgabada sapar bilen gelen, Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara...

DOWAMY
28 Few

SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň...

DOWAMY
28 Few

AŞGABATDA TÜRKMEN-BELARUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk ýolbaşçylyk etdiler. Gün tertibiniň çäklerinde taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Wekilýetler iki ýurduň arasyndaky syýas...

DOWAMY
28 Few

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY BARADAKY KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň "Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak" atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasynyň taslamasyna seredildi. Türkmen tarapy bu kararnamany hödürlemek bilen, 2007-nji ýylda Aşgabatda döredilen...

DOWAMY
28 Few

TÜRKMENISTANDA GWATEMALA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşally...

DOWAMY
27 Few

NEBIT WE TEKSTIL ÖNÜMLERI DAŞARY ÝURTLY ALYJYLARDA GYZYKLANMA DÖREDÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna owganystanly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniňwe Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiý...

DOWAMY