img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Noý

MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN IŞEWÜRLER FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler forumy geçirildi. Türkmenistandan bu çärä Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky, düzüminde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça işleýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bolan wekiliýet gatnaşdy.  Işewürler forumynyň açylyşynda çykyş edip, Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Samir Abdulla Ahmed Nass iki ýurduň arasynd...

DOWAMY
pic
27 Noý

MOSKWADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ STRATEGIKI YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY BARADAKY JARNAMANYŇ ÄHMIÝETI BARADA MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölümçesiniň binasynda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň Ýewraziýa giňişliginde ykdysady integrasiýany güýçlendirmekdäki orny we ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu Jarnama 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlaryň döwlet başt...

DOWAMY
pic
27 Noý

«NURLY MARGIANA» ILKINJI GEZEK RUSSIÝADA GÖRKEZILDI

Şu gün Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, görnükli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna (1929 — 2013) bagyşlanan «Nurly Margiana» atly sergi açyldy. Russiýanyň gündogar medeniýetleri muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide meşhur alymyň ömri we işi barada gürrüň berýän fotosuratlar, kitaplar, onuň şahsy arhiwiniň resminamalary, bürünç eýýama degişli Marguş ýurdunyň ilatynyň antropologiýa taýdan dikeldilen şekil...

DOWAMY
pic
26 Noý

USSA ÖREBAÝ ANNAÝEW: AGAJYŇ OWAZYNY DUÝÝAN ZEHIN EÝESI

Saz gurallaryny ýasaýan ussanyň özem, adatça, gowy sazandadyr. Çünki bu gadymy inçe kärde işlemek üçin agaç ýonmak başarnygy ýetik däl, esasy agajyň goýydan üýtgeşik sesini, hoş owazyny aňmaga ukybyň bolmaly. Daşoguz şäherinden ussa Örebaý Annaýew diňe bir dutar ýasaman, eýsem çagalara saz çalmagy-da öwredýär. Ol otuz ýyldan gowrak wagt bäri Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde sapak berip gelýär. Şu ýyllarda belli sazandalaryň ençemesini ýetişdirdi, olaryň arasynda Türkmenistanyň at gaz...

DOWAMY
pic
26 Noý

RESMI HABAR

?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi....

DOWAMY
pic
26 Noý

TÜRKMENISTAN-RUSSIÝA: YNSANPERWER HYZMATDAŞLYK

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Federal agentligiň («ROSSOTRUDNIÇESTWO» ynsanperwer we bilim taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde resminamalar toplumy kabul edildi, olaryň hatarynd...

DOWAMY
pic
26 Noý

AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE DOLANDYRYŞ MERKEZINI GURMAK BOÝUNÇA WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi. Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekil...

DOWAMY