img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...

DOWAMY
pic
24 Okt

TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYLARYNYŇ NOBATDAKY SYLAGLARY

KHDR-iň paýtagty Phenýanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçilýär. Ol dünýäniň 16 ýurdundan türgenleri ýygnap, olaryň hatarynda pälwanlaryň sekizisi Türkmenistana wekilçilik edýärler, olar milli ýygyndy toparyň sylaglarynyň üstüni bürünç medallaryň dördüsi bilen ýetirdiler. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda «Olimp» sport orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Bektimur Reýimow tapawutlandy. Ol 67 kilogram agram derejesinde çykyş etmegiň iki...

DOWAMY
pic
24 Okt

ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň dokuz aýynda bu düzümiň geçiren işleriniň jemleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
24 Okt

DAÝAHATYN KERWENSARAÝYNDA REJELEMEK IŞLERI DOWAM EDER

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «ABŞ-nyň Ilçisiniň medeni mirasy saklap galmak boýunça gaznasy» atly her ýylky maksatnamasynyň nobatdaky ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy. Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem rejelemek baradaky Türkmenistanyň Milli müdirliginiň taslamasy iň gowy taslama diýlip ykrar edildi. Lebap welaýatynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän ХI-ХII asyrlaryň üýtgeşik binagärlik ýadygärligi bolan Daýahatyn kerwensaraýy türkmen-amerikan hyz...

DOWAMY
pic
24 Okt

SAGLYK ÝAGDAÝY ÇÄKLI ADAMLARYŇ ARASYNDA GAÝA ÇYKMAK BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

?Agama» alpinistler klubynyň türgenleşik meýdançasynda saglyk ýagdaýy çäkli adamlar üçin gaýa çykmak boýunça uýgunlaşdyrylan ýaryş geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň agzalary hem-de okuw-terbiýeçilik sagaldyş merkeziniň okuwçylary gatnaşdylar. Olaryň köpüsi dag sportunyň şu görnüşinde ilkinji gezek güýjüni synap görýärdi. Saglyk ýagdaýy çäkli adamlary dikeltmegiň täze ugruny Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti hem-de «Agama» alpinistler klubynyň müdirligi...

DOWAMY
pic
24 Okt

AŞGABATDA IV WENA BALY GEÇIRILDI

Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar....

DOWAMY
pic
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNA GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 24-26-njy oktýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň «Häzirki zaman lukmançylygynyň derwaýys meseleleri» atly IV Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň gazananlarynyň hem-de türkmen-halkynyň medeni mirasynyň tanyşdyryş sergisi guraldy.

DOWAMY