SOŇKY HABARLAR
LEBAP WELAÝATY: EKSPORTA UGRADYLÝAN SEMENT WE GELJEKKI JAÝ TOÝLARY
Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Lebap» zawody 250 müň tonnadan gowrak sementi eksporta ugratdy. Döwrebap kärhana Amyderýanyň sag kenarynda dag-magdan serişdeleriтшň baý mekanynda guruldy, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli arzanladýar, üznüksiz önümçilige ýardam edýär. 6 ýyl mundan ozal işe girizilen kärhanada içerki we daşarky bazarlarda islegli sementiň portland, sulfata durnukly we tamponaž görnüşleri çykarylýar. Köýtendag etrabynyň dag-...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KATAR DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyk...
TÜRKMENISTANDA BILIM WE SPORT BOÝUNÇA HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
Şu gün paýtagtymyzda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşda geçirilýän, bu ulgamlary kämilleşdirmäge we ösdürmäge, täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga, şol sanda mekdep ýaşyna çenli, orta we ýokary bilim edaralaryna ornaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen syýasatyň netijelilig...
«BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE» ATLY HALKARA SERGÄ WE YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Hormatly myhmanlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe...
GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ WEKILLERI TERRORÇYLYGA GARŞY HYZMATDAŞLYK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Gatna...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
HALK HOJALYK TOPLUMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ UGRY
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň maksady bolup durýar. Iri taslamalary amala aşyrmak üçin halk hojalyk toplumyna gönükdirilýän uly möçberdäki maliýe serişdeleri — bu Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine goýulýan maýadyr. Öňde goýlan wezipäni çözmekde döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 1-nji fewralynda tassyklan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň ama...