RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Awg

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 93 müň dollaryndan gowrak bolan reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar.  Manat serişdelerine Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 937 müň manatlykdan gowrak nah matany satyn aldylar.

DOWAMY
pic
16 Awg

EKO-WELOSIPED TOPARLARY ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA DÜŞÜNDIRIŞ IŞLERINI GEÇIRERLER

Şu günki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 1–30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçiriljek biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän bu çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk üpjün etmekde we kadal...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri hem-de gazanylan ylalaşykla...

DOWAMY
pic
16 Awg

AWGUST AÝYNYŇ AHYRYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SINGAPUR RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLAR

Şu günki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazjak...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize we ähli doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hal...

DOWAMY
pic
16 Awg

AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hanym Keitumetsi S.T. Metthews bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we ynsanpwerwerlik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdile...

DOWAMY