SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BAE-KI BAŞ KONSULY PATENT GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) Baş konsuly Y.Amanow BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Dubaý şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy jenap Abdulrahman Ganem Al Mutaiwe Konsullyk patentini gowşurdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen bel...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtda...
TÜRKMEN SINOPTIKLERI HOWA MAGLUMATYNY TAÝÝARLAMAGYŇ TÄZE USULLARYNY ÖZLEŞDIRÝÄRLER
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň hünärmenleri Orta Aziýada ilkinji bolup, sebit üçin howanyň ýagdaýyny modelirlemegiň we howa maglumatyny taýýarlamagyň täze nusgasy bilen tanyşdylar. «Türkmengirdometiň» edara binasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-türgenleşigine howa maglumatyny taýýarlaýan sinoptikler, howa öwreniji-seljerijiler, oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar NetC...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly, oňyn we ynanyşmak häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem...
TATARSTANDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 7-10-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Dabaralara Türkmenistanyň köpsanly medeniýet we sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen birlikde biziň ýurdumyzyň amaly-h...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. ...Hakyda milletimiziň ýaşaýşynyň a...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap, gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp, aýat-töwir okaldy. Ýurt Garaşsyzlygyny goramakda, Türkmenista...