SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we döwletimiziň olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen...
ÝAŞ NAKGAŞLARYŇ DÖREDIJILIGI: NUSGAWYLYKDAN EKLETIKA ÇENLI
Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda şu ýokary okuw mekdebini golaýda tamamlan ýaş nakgaşlaryň altysynyň işleriniň sergisi açyldy. Olaryň sungat ýolunyň kemala gelşi barada gürrüň berýän işler diňe bir mugallymlardyr talyplary däl, eýsem sergä gelen ençeme adamy gyzyklandyrdy. Çingiz Töräýewiň ýaz paslyna bagyşlanan «Bahar» atly suratynda gül-pürçek miweli daragtyň ýanynda duran bäbege garaşýan ýaş ene şekillendirilipdir. Ak-gülgüne güllere kybap geýnen gelin däne çokup ýören jüýjelerdir m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINE WE PAÝTAGTYMYZA GÖZEGÇILIK EDÝÄN WEZIPELI ADAMLARY BELLEDI
?Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwletimiziň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, birnäçe kanunlar we kanunçylyk-hukuk namalary kabul edildi. Maslahatyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ça...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýa...
FOTOREPORTAŽ: DÖWLET MUZEÝINDE HATYRA GÜNÜNE BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat ýer titremesiniň 71 ýyllgyna bagyşlanan sergi açyldy. Tematiki sergi dört bölüme bölünipdir. Ilki bilen bu ýere gelenler hökümet binasy, oňaýly köçejikler, gadymy jaýlar, seýilgähler... ýaly şäheriň uruşdan ozalky binalary we durmuşy bilen ak-gara fotosuratlar arkaly tanyşýarlar. Elhenç apadyň ýetiren zeleliniň fotosuratlary ýüregiňi elendirýär... Üýtgeşik özboluşly suratlar 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije bolan pajygal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY HATYRA GÜNÜNE DÜŞÝÄN DYNÇ GÜNÜNI GEÇIRMEK HAKYNDA
Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW