SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
?Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibi tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine: — döwlet emläginiň kärende şertnamalaryny bellenen tertipde bellige almak; — Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna...
6-7-NJI NOÝABRDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ITALIÝA RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BOLAR
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigi bellenildi...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary babatda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parl...
SANKT-PETERBURGDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMEN ALABAÝY» KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Çärelere gatnaşmak üçi...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, täjik tarapyna Täjigistan Respublikasynyň energiýa we suw resurslary ministri U.Usmanzoda ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Toparyň öňki mejlisindäki kararlaryň durmuşa geçirilşine seretdiler we iki ý...
GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriň, Türkmenistanyň raýatlarynyň Gruziýadaky hukuk ýagdaýy, Gruziýanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy, Gruziýada okaýan türkmen talyplarynyň we beýleki meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar. Gün te...
PUDAKLAÝYN ŽURNALYŇ SAHYPALARYNDA ÝURDUMYZYŇ JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY ÖSÜŞINIŇ UGURLARY BEÝAN EDILÝÄR
Her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanylan neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli forumda eden çykyşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi, konstitusion özgertmeleri geçirmek hem-de m...