SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Ka...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANDA ZÄHMET HAKLARYNYŇ, PENSIÝALARYŇ, DÖWLET KÖMEK PULLARYNYŇ, TALYP WE DIŇLEÝJI HAKLARYNYŇ MÖÇBERLERINI ÝOKARLANDYRMAK HAKYNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan: 1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleri...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINI GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK HAKYNDA
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleni...
BÜTINDÜNÝÄ UNIWERSIADANYŇ AÇYLYŞY
Italiýanyň Neapol şäheriniň «San-Paolo» stadionynda 3-nji iýulda XXX Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Stadiondan dünýäniň 127 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary dabaraly ýöriş bilen geçdiler. Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjo Mattarella talyp sport oýunlaryny açyk diýip yglan etdi, uniwersiadanyň alawyny meşhur italýan futbolçysy Lorenso Insinýe ýakdy. Dabaranyň dowamynda iň häzirki zaman şüweleň tehnologiýalary peýdalanyldy, asma...
LÝUKSEMBURGDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...
AŞGABATDA TÜRKMEN-POLÝAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzy...