SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygynyň paýtagty - London şäherine iş sapary bilen bardylar. Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşygy hem-de Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Döwlet h...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ANNANEPESOW M.N. HAKYNDA
Annanepesow Mergennepes Nurnepesowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri, garamagyndaky kärhanalarda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadyp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY MULIKOW I.H. HAKYNDA
Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiçi, işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltmeli, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serker...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY M.B.ÇAKYÝEW HAKYNDA
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: Polisiýanyň polkownigi Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry.
DÖWLET BAŞTUTANY SEÝILGÄH ZOLAKLARYNY GURAMAGA DÖWREBAP ÇEMELEŞMEGIŇ MÖHÜMLIGINI BELLEDI
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwle...
HYTAÝ HALKY HHR-YŇ DÖREDILMEGINIŇ 70 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döwlet Başlygy Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini jar etdi, munuň özi Hytaýyň taryhynda täze wajyp tapgyry aňladypdy, gülläp ösýän we kuwwatly döwlet döretmek ýolunda möhüm ädim bolupdy. Hytaý garaşsyz, özbaşdak we parahatçylykly daşary syýasata eýerýär hem-de ählumumy syýasy we ykdysady gurluşa uly täsir edýär – diýlip, HHR-yň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdunyň makalasynda aýdylýar. Ýurtda döwrebap senagat...