SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň täze taryhy, durmuş-ykdysady ösüşlerde gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz zamanamyzyň beýik şahsyýeti, görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň wepaly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ «ZENAN KALBY» ORDENI BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsançly netijeleri gazanýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan giň gerimli bu işlere zenanlar hem işjeň gatnaşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny üstünlikler bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň durmu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ «HORMATLY IL ÝAŞULUSY» DIÝEN ADYNY DAKMAK HAKYNDA
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini h...
ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT ÜÇIN WATAN SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýy...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi. Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ýaşulular, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly döwlet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň etrapdyr obalarynyň zähmetkeşleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgy...
BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi. BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sagly...
SERGI MERKEZINDE DÖREDIJILIK PIKIRLERINIŇ DÜRLI ÖWÜŞGINLI ESERLERI GÖRKEZILÝÄR
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Köp žanrly sergi baýramçylyk temasyna awtorlaryň hersiniň özüne mahsus çemeleşmesini görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy Anna Annaýewiň şu sergidäki işleri beýlekilerden saýry gelýär. Onuň ady kärdeşleriniň we bu ýere gelenleriň dilinden düşmeýär. Baget bilen çäklendirilmedik ýordumlar olara aň ýetirmegiň çägini giňeldýär. «Ötegç...