img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Sen

PAÝTAGTYMYZYŇ TAKSOPARKYNA TÄZE TOYOTA COROLLA KYSYMLY AWTOULAGLAR GELIP GOWUŞDY

2019-njy ýylda çykarylan Toyota Corolla kysymly awtoulaglaryň 70-si senrýabr aýynda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän paýtagtymyzdakky taksoparkyň ulaglarynyň üstüni ýetirdi. Olar Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlarlar. Ulag serişdelerini «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ satyn aldy we Aşgabada getirdi. Ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen taksilerde elektron...

DOWAMY
pic
24 Sen

KAMAZ-6520 AWTOMOBILLERINIŇ TÄZE NUSGALARYNYŇ ILKINJI TAPGYRY GELIP GOWUŞDY

Kamsk (RF-niň Tatarstan Respublikasy) awtomobil zawodynda öndürilen awtomobilleriň täze tapgyry – 200-si ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalaryna gelip gowuşdy. Ýüküni özi düşürýän KAMAZ 65-20 kysymly ulaglaryň kämilleşdirilen täze nusgasy Ýewro-3 ölçegli dizel ýangyjynda işleýär. Onuň 400 at güýçli hereketlendirijisi diňe bir kuwwatlylygy bilen tapawutlanman, eýsem ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär we ýangyjy tygşytly harçlaýar. Täze awtom...

DOWAMY
pic
24 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY ELEKTRON TÖLEGLERINIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ORNAŞDYRÝAR

?Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär: bu ýerde «MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi banky ösdürmek, onuň maliýe durnuklylygyny hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan 2019 — 2025...

DOWAMY
pic
24 Sen

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADA MILLI STRATEGIÝANYŇ TÄZE REJELENEN GÖRNÜŞINI TASSYKLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklap, ýurdumyzda howanyň täsirini meýilnamalaşdyrmak we ony seljermek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Bu gün tutuş dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip biljekdigine hem-de oňa ykdysadyýetiň we jemgyýetiň uýgunlaşmagyny üpjün etjekdigine göz ýetirmek barha işjeň häsiýet...

DOWAMY
pic
24 Sen

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASY KABUL EDILDI

Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolup durýan, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy ga...

DOWAMY
pic
24 Sen

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA SAMMIT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş Sekretary A.Guttereşiň başlangyjy boýunça Howanyň üýtgemegi ulgamyndaky hereketleriň 2019 sammiti geçirildi. Çärä BMG-niň BA-nyň 74-nji mejlisiniň ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka gelen bu guramanyň agza-döwletleriniň dürli derejelerdäki wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatn...

DOWAMY
pic
24 Sen

AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХII MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar. DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Günüň ikinji ý...

DOWAMY