SOŇKY HABARLAR
Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi. M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenis...
Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we seb...
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy. Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda IAEA ýaly abraýly halkara gurama...
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolm...
Türkmenistanyň DIM-de durmuş-ykdysady häsiýetli möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri,...
Owganystanyň DIM-de geçirilen brifing barada
2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Owganystanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we beýleki ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň gurluşygynyň täze tapgyrlarynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi. Brifinge Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki we ministrligiň bölüm müdirleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Kabuldaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşd...
Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitar...