RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Few

AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN YKDYSADY SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy. Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi. Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý...

DOWAMY
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LITWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI DÖWLETIŇ DIKELDILEN GÜNI MYNASYBETLI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini döwletiň dike...

DOWAMY
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE EÝRANYŇ KOOPERATIWLEŞMEK, ZÄHMET WE DURMUŞ ABADANÇYLYGY MINISTRI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda özgermegini dowam edýän giň tejribä we deňhukuklyga, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini...

DOWAMY
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AWSTRALIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Awstraliýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Greým Miham Lesli bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda, Awstraliýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny Daşary işler ministrliginiň orunbasaryna gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek hem-de özgertmek işinde ü...

DOWAMY
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI DÖWLET GÜNI BILEN GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Serbiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet...

DOWAMY
14 Few

WATANYMYZY OKGUNLY ÖSDÜRMEK ÜÇIN TÄZE TASLAMALAR, TÄZE PIKIRLER WE DOLANDYRYŞ ÇÖZGÜTLERI

Döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýan eden oýlanyşykly strategiýasy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 6-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylý...

DOWAMY
14 Few

TÜRKMEN TENNISÇILERI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ SAÝLAMA ÝETGINJEKLER ÝARYŞYNA (U-14) ÝEŇIŞ BILEN BAŞLADYLAR

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary Kolomboda (Şri-Lanka) başlanan tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler ýaryşyna (U-14) Makaonyň ýygyndy toparyny ýeňmek bilen girişdi. Bäsleşige 15 ýurt: Bangladeş, Indoneziýa, Yemen, Kamboja, Gyrgyzystan, Liwan, Makao, Malaýziýa, Mongoliýa, Nepal, Saud Arabystany, Singapur, Türkmenistan, Şri-Lanka we Okeaniýa ada döwletleri gatnaşýar. «AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Milli tennis federasiýasynda habar berlişi ýaly, 14 ýaşa çenl...

DOWAMY