SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞKENTDÄKI DIPLOMATIK WEKILHANASY WELOSIPED ÝÖRÜŞINI GURNADY
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň yglan eden Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň Özbegistandaky Ilçihanasy 1-nji iýunda welosiped ýörüşini gurnady. Daşkendiň merkezi köçelerinden bäş kilometr aralyga geçirilen welosiped ýörüşine Ilçihananyň işgärleri, ýurdumyzdan Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, kowçum ýaşaýan türkmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň öň ýanynda geçirilen dabara...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti ga...
MILLI LIDERIMIZ GADYR GIJESI MYNASYBETLI AGZAÇAR SADAKASYNY BERDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli Marydaky Gurbanguly hajy metjidinde öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, hormatly ýaşulular hem-de sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Türkmen halky Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garap, gadymy döwürlerden bäri ony mukaddes aý hasaplaýar. Asylly işleri hem-de rehim-şepagatlylygy amal...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, dostluk we goňşuçylyk dessurlarymyzy dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem keremli Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň birek-birege hormat-sarpamyzy, mähir-muhabbetimizi, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyryp, eziz Watanymyzda täze, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygyna b...
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...