img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ ULGAMYNY ÖSDÜRMEK MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRDI

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi. Bu kompaniýalar toparynyň baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär. «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Singapur Respublikasyna amala aşyran taryhy saparynyň üstünlikli geçmegi bil...

DOWAMY
pic
29 Awg

PUDAKLAÝYN HALKARA SERGI WE MASLAHAT

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy. Bu çäre ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu pudakda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän...

DOWAMY
pic
29 Awg

LEBAP WELAÝATYNDA PAGTA ÝYGYMYNA TOPLUMLAÝYN TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Amyderýa jülgesiniň gowaça atyzlary ak patrak bolup otyr, bu bolsa «ak altynyň» bol hasylynyň ýetişdirilendigine şaýatlyk edýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda 120 müň gektara ýere ekilen bu gymmalty ekinden 295 müň tonna «ak altyn» ýygnamak göz öňünde tutulýar. Esasan ýokary hilli süýüm köp alynýan elita sortly hasylyň aglaba bölegi kombaýnlar bilen ýygnalar. Pagta ýgymynyň başlanmagyna çenli döwürde sebitde ýetişdirilen hasyly ýokary hilli we öz wagtynda ýygnamak üçin taýýarlyk toplumlaýyn çärele...

DOWAMY
pic
29 Awg

TÄZE TEATR MÖWSÜMINDE TOMAŞAÇYLARYŇ GÖWNÜNDEN TURAN WE TÄZE OÝUNLAR GÖRKEZILER, GASTROLLAR GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAR

31-nji awgustda paýtagtyň teatrlarynyň arasynda ilkinji bolup, Baş drama teatry möwsümi açar, teatryň sahnasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby we Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda goýlan «Dutaryň owazy» oýny görkeziler. Dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow bilen režisýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow eseri özboluşly sahna diline geçiripdirler. Güýçli täsirli edeb...

DOWAMY
pic
28 Awg

TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI UGRUNDAKY IŞLERINI DOWAM EDÝÄR

2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçyla...

DOWAMY
pic
28 Awg

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ SINGAPURA SAPARY DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura amala aşyran döwlet saparynyň üstünliklere beslenmegi türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny aýdyp bolar. Saparyň dowamynda ýakyn onýyllyklar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depginlerini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Türkmen Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyz...

DOWAMY
pic
27 Awg

SAMARKANT FORUMYNA GATNAŞYJYLAR TÜRKMEN AÝDYM-SAZ MEDENIÝETINE GYZYKLANMA BILDIRDILER

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň ikinji gününiň maksatnamasyny Registan Plaza myhmanhanasynda geçirilýän «Gündogaryň däbe öwrülen aýdym-sazlaryny ösdürmegiň geljegi» atly Halkara ylmy maslahat açdy. Samarkant gözden geçirilişiniň çäklerinde şeýle forumlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň ençemesine wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylar Gündogar ýurtlarynyň saz ylmynyň taryhynyň we ösüşin...

DOWAMY