SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BA TARAPYNDAN KARARNAMANYŇ WE BMG-NIŇ BA-NYŇ 73-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BIRINJI HYF-NYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYK ETMEGIŇ BEÝANNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaral...
KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN HOŞLAŞYK DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halifa Ahmad Al-Suwaýdi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi. Kataryň diplomaty öz nobatynda işleme...
TÜRKMEN LIDERINIŇ DIPLOMATIÝASYNYŇ DÜNÝÄ DEREJESINDE DABARALANMAGY
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma eýe bolandygynyň subutnamasydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmat...
ÄHLUMUMY TAGALLALARYŇ JÄHTINDEN OZON GATLAGYNYŇ GORAGY
?Ozon gatlagyny dikeltmek boýunça 32 ýyl bäri üstünlikli alnyp barylýan iş» -- bu BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýörüte Rezolýusiýasy bilen döredilen Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni-2019-yň şygarydyr. Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolyna gol çekilen senesi bellenilýän ekologiýa güni adamlaryň saglygynyň hatyrasyna we bioköpdürlüligi saklap galmak üçin Ýeriň ozon gatlagyny saklap galmak hem-de howanyň ählumumy derejede üýtgemegine ýol bermezlik ugrunda tagallalary we m...
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ HAZAR STRATEGIÝASYNYŇ ÄHMIÝETI BMG-NIŇ RESMINAMALARYNDA BEÝANYNY TAPÝAR
2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem-de bu bütindünýä guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abra...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BAŞLANGYJY BILEN BMG «2021-NJI ÝYL — HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» DIÝEN KARARNAMANY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Mille...
MILLI LIDERIMIZIŇ «TÜRKMEN ALABAÝY» DIÝEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiziň nobatdaky işi ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe ildeşlerimize ajaýyp sowgat boldy....