SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ TOPARY ÖZBEGISTANDA GEÇIRILEN HALKARA TANS FESTIWALYNDA BIRINJI ORNY EÝELEDI
Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendir. Netijede, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji bolan tür...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen Alabaýy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halk...
BIŞKEKDE SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň döwlet we işewürlik toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda taraplar Toparyň üçünji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Singapuryň Menejment Ösüşi Institutynyň Prezidenti jenap Erik Kuan Çun Hokyň ýolbaşçylygyndaky Singapur Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň awgust aýynda Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde möhüm ädim bolandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler....
LEBAP WELAÝATYNDA EMELI JEŇŇELIŇ DÜÝBI TUTULÝAR
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi – Türkmenabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) bilelikdäki taslamasynyň tanyşdyrylyşy boldy, taslama Özbegistanda-da durmuşa geçirilýär. Duşuşyga taslama gatnaşmaly hyzmatdaşlaryň – oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň düzümleýin bölümleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buý...
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINDE GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Eserleriň her biri – ajaýyp Watanymyzyň we onuň zehinli halkynyň žiwopis eserlerindäki özboluşly waspydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň altynjy ýyl talyby Muhammet Gubaýewiň «Geçmişe syýahat» atly işi has-da täsirli çykypdyr. Nakgaş surata syn edýänleri orta asyr Merwiniň töweregine syýahata çagyrýar, onda şäher çagy Güneş nurundan doly a...
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK, ENERGETIKA WE JEMAGAT HOJALYGY IŞGÄRLERINE
Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilkinji gezek bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen ata Watanymyzda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurluşykçylaryň ýokary bilimli, ukyp-başarnykly, zehinli nesliniň kem...