SOŇKY HABARLAR
TÜKMEN-BAHREÝN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň Türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ TAPAWUTLANAN IŞGÄRLERINE «TÜRKMENISTANYŇ HALK LUKMANY» ADY DAKYLDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady dakmak hakynda Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda döwlet ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Merdana halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler ata Watanymyzy ösüşleriň has ýokary belentliklerine çykaryp, öňdebaryjy döwletleriň hatarynda tanadýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş...
TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Gadyrly lukmanlar! Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de,...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň w...
«SAGLYK — 2019» ATLY HALKARA SERGISINE WE YLMY MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myhmanlarymyz bilen dabaraly bellemek guwandyryjy wakadyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda...
GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ SAGLYGY GORAÝYŞ BABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jemgyýetiň ähli ugurlarynda ilatyň durmuş ýagdaýyny we hilini ý...
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ BABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi. Mejlise GDA gatnaşyjy-döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň, BMG-niň hem-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň düzüm birlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar....