SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN ARTISTLERI - HALK TANSLARYNYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA
Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde «Altyn Garagöz» ady bilen halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşigi tamamlandy, bu bäsleşikde Türkmenistanyň «Laçyn» tans-saz folklor topary ikinji orny eýeläp, kümüş kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy. Bu bäsleşik Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň howandarlygynda geçirildi, bu guramanyň esasy maksady türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmekden, umumy maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamakdan hem-de geljekki nesille...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Täçmämmet Amangulyýew Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Hydyrmämedowiç Aradow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI
Şu gün Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresiniň dabarasy Siwas şäherinde başlandy, soňra bolsa Erzurum şäherinde dowam etdi, bu ýerde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, fotosergi guraldy, sungat ussatlarynyň konsertleri boldy. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäk...
PAÝTAGTYMYZYŇ ŞÄHER GURLUŞYGYNY ÖSDÜRMEK WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy we senagat pudaklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmäge mü...
TÜRKMEN BILERMENLERI TARYHYŇ TÄZE NUMIZMATIK SUBUTNAMALARYNY ÖWRENÝÄRLER
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bu täsin söwda ýoly bilen baglanyşykly taryhy künjekleriň örän möhüm ähmiýeti barada gürrüň berýär, bu ýol köp asyrlaryň we hatda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň halklaryny birleşdirmek üçin hyzmat edipdir. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk taryhynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetler, taryhyň dürli döwürlerinde bo...
ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA AZIÝA ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ IKI MEDALY
Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9 — 14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi. Ýaryşyň ikinji gününde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Toýly Orazow 82 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üçünji orny eýeledi. Ýene bir türgenimiz Türkmen döwlet be...