SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ž.Asanow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Di...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň aýratyn nygta...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç KUZMINI Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Ba...
PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibine şu ýylyň birinji ýarymynda bu düzümiň alyp baran işleriniň netijeleri, «Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasynyň hem-de Çaganyň irki ösüşi boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin T...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda...
TÄHRANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Eýranyň Söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk Edarasynyň (EYR SSE) ýardam bermeginde maglumat beriji brifing geçirdi. Çärä EYR-nyň SSE-nyň, Daşary işler ministrliginiň, Senagat, magdan we söwda ministrliginiň, Ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, haza...
AŞGABATDA ONLAÝN-KHBS-DE IŞLEMEGIŇ BAŞARNYKLARY BOÝUNÇA TÄLIM OKUWY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy öz işine başlady. Okuwa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de metbugatyň wekilleri gatnaşý...