img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýul

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ MÄHRIBAN HALKYNA, ZÄHMETSÖÝER BABADAÝHANLARYNA, EDERMEN GALLAÇYLARYNA

Mähriban halkym!  Edermen gallaçy babadaýhanlar! Sizi berkarar ýurdumyzda galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olary...

DOWAMY
pic
9 Iýul

GALLAÇYLARYŇ ÝOKARY ZÄHMET ÜSTÜNLIGI — AZYK BOLÇULYGYNYŇ KEPILI

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär. Daýhanlara...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMENISTANDA ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINE RESMINAMALARY KABUL ETMEK BAŞLANDY

Şu gün ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy. Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, 2019-njy ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Şol resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LATWIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Egil Lewitse Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Latwiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMEN PÄLWANLARYNYŇ IKI MEDALY

Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky basgança...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DEMIRGAZYGYNDA KÖPÇÜLIKLEÝIN KARTOŞKA ÝYGNALŞYNYŇ DEPGINI GÜÝÇLENÝÄR

Häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatynda 12 müň tonna golaý kartoşka ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň dörtden bir bölegine golaýdyr. Bu azyklyk önümi öndürmekde Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ekarançylary öňde barýarlar, olar dokuz ýüz gektar meýdandan 12 müň 600 tonna kartoşka ýygnamagy we geçen ýylky görkezijiden 3 müň tonna köp hasyl ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Ýerli kärendiçiler eýýäm bäş müň tonna golaý kartoşka ýygnadylar.  S.A. Nyýazow adyndaky etrapda 700 gektar ýerden 10 m...

DOWAMY
pic
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...

DOWAMY